Italiýada ýylyň futbolçysy Paulo Dibala

20:0504.08.2020
0
504
Italiýada ýylyň futbolçysy Paulo Dibala

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da ýylyň iň gowy oýunçysy (MVP) diýlip çempion “Ýuwentusyň” argentinaly hüjümçisi Paulo Dibala saýlandy. “Serie A”-nyň resmi saýtynda çempionatyň hem-de kubok ýaryşynyň oýunlarynyň hasabatlary göz öňünde tutulyp, Dibalanyň saýlanandygy mälim edildi. Dibala tamamlanan möwsümde “Serie A”-da 33 oýunda 11 gol geçirdi. Şeýle-de Dibalanyň polşaly topardaşy Woýçek Şensnyý iň gowy derwezeçi, çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçysy Çiro Immobile (“Lasio”) iň gowy hüjümçi, “Interiň” gollandiýaly futbolçysy Stefan De Wrij iň gowy goragçy, “Atalantanyň” argentinaly oýunçysy Papu Gomez iň gowy ýarymgoragçy, möwsümi “Parmada” kärendesine oýnan Deýan Kulewski iň gowy ýaş futbolçy diýlip saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň