Kasilýas futbol bilen hoşlaşdy

19:0804.08.2020
0
751
Kasilýas futbol bilen hoşlaşdy

Ähli zamanalaryň iň ökde derwezeçileriniň hatarynda görkezilýän ispaniýaly Iker Kasilýas futboly ymykly taşlandygyny habar berdi. Ol bu barada özüniň “twitter” sahypasynda uzyn beýanat bilen çykyş etdi. 2015-nji ýyldan bäri “Portonyň” köýnekçesini geýýän we geçen ýylyň maý aýynda ýüreginden ejir çeken (infarkt bolan) Iker Kasilýas bu hadysadan 14 aý soň, futbol bilen hoşlaşýandygyny resmi ýagdaýda beýan etdi. Karýerasy boýunça “Real Madrid” hem-de “Porto” klublarynda oýnan 39 ýaşyndaky derwezeçi Ispaniýanyň ýygyndysy bilen 1 gezek Dünýä Kubogyny, 2 gezegem Ýewropanyň çempionlygyny gazandy. Ol “Real Madridde” jemi 725 duşuşyk geçirdi. Ol “Real Madridde” 19, “Portoda” 5 kubok gazandy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň