UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminde toparçalarda çykyş etjek klublar

17:5604.08.2020
0
854
UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminde toparçalarda çykyş etjek klublar

Futbol dünýäsiniň iň uly klub bäsleşigi bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparçalarynda çykyş etjek toparlaryň ählisi diýen ýaly belli boldy. Diňe Çempionlar we Ýewropa ligalarynyň şu ýylky çempionlary häzirlikçe belli däl. Ol iki topar belki-de, eýýämden öz milli çempionatlaryndaky başarnyklary bilen gatnaşmaga hukuk gazanan bolmaklary-da mümkin. Bu ýagdaý ýene-de 2-3 hepdeden anyk belli bolar. Eger-de Çempionlar ligasynyň hem-de Ýewropa ligasynyň ýeňijileri aşakdaky toparlardan bolaýsa, onda olaryň ornuna Niderlandlaryň “Aýaksy” hem-de Fransiýanyň çempionatyny 3-nji hatarda tamamlan “Renn” topary saýlama tapgyrlaryna gatnaşmazdan toparçalarda çykyş edip başlar.  

Saýlama tapgyry 1 oýun esasynda geçiriler

Şeýlelikde, 32 toparyň häzirlikçe 24+2-si belli bolup, olaryň 16-syny Angliýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň hem-de Germaniýanyň çempionatlarynda dörtlüge düşen toparlar emele getirýär. Toparçalarda çykyş etjek galan 6 topary kesgitlemek üçin bolsa, 47 topar 5 tapgyrly saýlama oýunlaryny oýnarlar. Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň deslapky saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna 8-nji awgustda badalga berler. 1-nji saýlama tapgyry 18-19-njy awgustda, 2-nji saýlama tapgyry 25-26-njy awgustda, 3-nji saýlama tapgyry 15-16-njy sentýabrda oýnalar. Saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 1 oýun esasynda geçiriler. 2 oýun esasynda geçiriljek pleý-off tapgyry-da 22-23-nji hem-de 29-30-njy sentýabrda oýnalar. Toparçalardaky oýunlar bolsa, 30-njy oktýabrda başlar. Final oýnuny bolsa geljek ýylyň 29-njy maýynda Stambulda geçirmeklik göz öňünde tutulýar.  

UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminde toparçalarda çykyş etjek klublar

Ispaniýa: “Real Madrid”, “Barselona”, “Atletiko Madrid”, “Sewilýa”

Angliýa: “Liwerpul”, “Man. Siti”, “Man. Ýunaýted”, “Çelsi”

Italiýa: “Ýuwentus”, “Inter”, “Atalanta”, “Lasio”

Germaniýa: “Bawariýa”, “Borussiýa D”, “Leipsig”, “Borussiýa M”

Fransiýa: “Pari Sen-Žermen”, “Marsel”

Russiýa: “Zenit”, “Lokomotiw”

Portugaliýa: “Porto”

Belgiýa: “Klub Brýugge”

Ukraina: “Şahtýor Donesk”

Türkiýe: “Istanbul Başakşehir”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň