Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky «Ak öýde» işler gyzgalaňly barýar

17:0704.08.2020
0
1169

Daşoguz şäherinde gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binasynda wagtda gurluşykçylar binanyň demir-beton sütünlerini dikeltmek, kerpiç örmek, sadaka jaýynyň içki diwarlaryny suwamak, suw howdanlarynyň beton diwarlaryny guýmak işlerini ýerine ýetirýärler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gurluşyk meýdançasynda dürli görnüşdäki kuwwatly tehnikalaryň 5-si bökdençsiz işledilýär.

Jemi 10,85 gektara barabar meýdany eýeleýän täze toplum toý-baýramlarymyzyň milli ýörelgelere görä, uludan toýlanýandygynyň, asylly däplerimiziň täze eýýamymyzda müň bir öwüşginler bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky mysalydyr.

Milli binagärligiň we häzirki zaman şähergurluşygynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýän bu binanyň gurluşyk işlerini «Röwşen» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp barýarlar. Bu ýerde gurluşykçylaryň 70-den gowragy işleýär.

Olaryň her günde edýän işleriniň talabalaýyklygy yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. Munuň özi täze binanyň seýsmiki taýdan durnukly, ýokary hil derejesinde gurulmagyny üpjün edýär.

Toplumyň çäginde başga-da birnäçe hyzmat ediş desgalary bolar. Binanyň ýanynda 3 sany suw howdany, 2 sany dabaralar geçirilýän meýdança, 2 sany awtoulag duralgasy, dikuçar meýdançasy ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň