Ýewropada soňky çempionlar hem belli boldy

12:1604.08.2020
0
889

Ýewropada 2019-2020 möwsüminiň iň soňky çempiony-da belli boldy. Şu wagta çenli ähli milli ligalaryň çempiony belli bolupdy. Diňe 2 ýurduň çempiony belli däldi. Olaryň birinjisi Şweýsariýa, beýlekisi-de Rumyniýa bolup, iki ýurtda-da galagoply geçen möwsümiň çempiony ahyry, täze möwsümiň öňüsyrasynda belli boldy. Şweýsariýanyň Super Ligasynda “Ýang Boýz” yzly-yzyna 3-nji, umumylykda-da 14-nji gezek çempion bolmagy başardy. Edil şonuň ýaly Rumyniýada hem çempionlyk toparçasynyň soňky duşuşygynda “KFR Kluž” 2-nji hatardaky “Kraiowa” toparyny 3-1 ýeňip, bassyr 3-nji umumylykda-da 6-njy çempionlygyny baýram etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň