Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň 38-nji tapgyryň oýunlaryndan soň tamamlanmagy bilen Ýewropanyň TOP – 5 çempionatynyň ählisi-de möwsümi jemledi. Kynçylykly ýagdaýda geçen 2019-2020 möwsüminde iň köp gol geçirilen çempionat Italiýanyň “A-Seriýasy” boldy. Toparlar 1154 gol geçirdi. Bu bolsa ortaça her oýna 3,04 goldan düşýär diýmekdir. Geçirilen 1154 gol çempionatyň taryhyndaky iň ýokary 4-nji görkezijidir. "Serie A”-da şu möwsümde iň köp gol geçiren toparlar – “Atalanta” (98 gol), “Inter” (81), “Lasio” (79), “Roma” (77) hem-de çempion “Ýuwentus” (76) klublarydyr.
Ýewropanyň TOP – 5 çempionatlarynyň arasynda 2-nji orny Angliýanyň “Premier Ligasy” eýeleýär. Futbol watanynyň iň uly ligasynda geçen möwsümde 1034 gol hasaba alyndy (ortaça 2,72 gol). Germaniýanyň “Bundesligasy” 982 gol (ortaça 3,21 gol) bilen 3-nji, 942 goluň (ortaça 2,48 gol) hasaba alnan “La Ligasy” bolsa 4-nji orna mynasyp boldy. 28 tapgyrdan soň ýatyrylan Fransiýanyň “Ligue 1” çempionatynda şol tapgyra çenli jemi 704 gol derwezä girizildi (ortaça 2,53 gol).