10 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýa 316 mlrd kub metr gaz iberdi

18:5503.08.2020
0
4766
10 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaýa 316 mlrd kub metr gaz iberdi

2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 19 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi diýip, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýty "Sinhua" habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.

Umuman, 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen bu magistral gaz geçirijisiniň ulanyşynyň tutuş dowamynda 316 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi.

Merkezi Aziý gaz geçirijisi Türkmenistanyň serhetlerinden başlap, Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýär, soňra Sinzýan-Uýgur awtonom etrabynyň Horgos diýen ýerinde «Günbatar-Gündogar» hytaý gaz geçirijisine birigýär. Gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1833 km bolup, ol her ýylda 60 mlrd kub metr möçberde gaz geçirmäge ukyplydyr – diýlip habarda bellenilýär.

Bu gaz geçiriji boýunça iň iri gaz iberiji ýurt Türkmenistandyr. 2019-njy ýylda «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaýa 31,2 mlrd kub metr gaz iberdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň