Syýahatyň wagty üç esse azalar

12:1803.08.2020
0
1208

Sesiň tizliginden iki esse çalt gitjek uçaryň önümçiligi üçin şertnama baglaşyldy. “Boom” atly uçaryň işlenip taýýarlanmagyna we öndürilmegine Angliýanyň “Rolls-Royce” kompaniýasy hem gatnaşar. Ýolagçy uçarynyň tizligi sagatda 2 müň 300 kilometre barabar bolar. Bu bolsa sesden iki esse köp diýmegi aňladýar. Şeýlelikde bu howa gämisi arkaly Nýu Ýork-London aralygyny 3,5 sagatda geçip bolar. Häzirki ýolagçy uçarlary Atlantik ummanynyň iki ýakasynyň arasyny 9 sagat töweregi wagtda geçýär. Angliýanyň “Daily Mail” gazetiniň habar bermegine görä, “Rolls-Royce” uçaryň itiji ulgamyny öndürer. Habarda bu uçarlaryň peteginiň her bir ýolagçy üçin 2 müň funt sterling bolmagynyň çaklanylýandygy bellenilýär. Howa gämisiniň haçan taýýar boljakdygy mälim edilmedi.  “Boom Supersonic” kompaniýasynyň öndürjek uçarynyň hakykysynyň üçden bir bölegine barabar ululykdaky nusgalyk görnüşiniň şu ýylyň oktýabr aýynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň