Soňky habarlar

Arhiw

«Heş» arassaçylyk serişdeleriniň 20-ä golaýyny öndürýär

11:4903.08.2020
0
1138

2015-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Heş» hu­su­sy kär­ha­na­syn­da gün­de 10 ton­na ýu­wu­jy se­riş­de­le­r ön­dü­ril­ýär ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Ön­dür­ilýän önüm­le­ri da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ma­ga do­ly ukyp­ly bo­lup, olar ga­ty hem-de su­wuk gör­nüş­de taý­ýar­la­nyl­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da arassa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň 20-ä go­la­ýy ön­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kär­ha­na­­da 20 we 150 ml öl­çeg­de li­mon ys­ly an­ti­bak­te­ri­al se­riş­de, 60 gram­lyk gap­da dy­ky­lan tur­bada­ky ha­pa­la­ry çö­zü­ji­ler, 500 we 750 gram­lyk he­mem 5, şeý­le-de 30 li­tir­lik gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­de­ler, 230 gram­lyk gap­da ýer­leş­ýän gel gör­nüş­li gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­de­ler, 500 gram­lyk hem-de 5 litr­lik gap­da su­wuk sa­byn­lar, 500 gram­lyk se­pil­ýän gör­nüş­li aý­na ýu­wu­jy­lar, tä­miz­leý­ji, egin-eşik ýu­wu­jy en­jam­lar üçin ni­ýet­le­nen 500 gram­lyk gu­ry aras­sa­laý­jy­lar, tä­miz­leý­ji en­jam­lar­da ha­pa­la­ryň ýyg­nan­maz­ly­gy üçin ula­nyl­ýan aras­sa­laý­jy se­riş­dä­niň 550 gram­lyk gör­nü­şi, 3 litr­lik su­wuk gör­nüş­li egin-eşik ýu­wu­jy­lar, 1 we 3 litr­lik egin-eşik ýum­şa­dy­jy we ys be­ri­ji se­riş­de­ler, 1 litr­lik gap­da ka­fel aras­sa­laý­jy se­riş­de, ham­ma­mla­ry aras­sa­la­ýan 750, şeý­le-de 900 gram­lyk tä­miz­leý­ji­ler, 1 litr­lik gap­da hlor agar­dy­jy­lar, 500 gram­lyk gu­ry toz gör­nüş­li tä­miz­leý­ji­ler, bak­te­ri­ýa­la­ry ýok edi­ji­ler, şeý­le-de 20 ml öl­çeg­de myh­man­ha­na­laryň bu­ýur­ma­la­ry esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýan şam­pun­lar hal­ky­my­za yzy­gi­der­li ýe­ti­ril­ýär.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, döw­re­bap kär­ha­na­­da gi­gi­ýe­ni­ki tä­miz­leý­ji, an­ti­bak­te­ri­al se­rişde­le­riň hem bir­nä­çe gör­nüş­i­niň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy. Olar aras­sa­laý­jy se­riş­de bo­lup, hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Kär­ha­na­­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň her bi­ri döwrüň ösen ta­lap­la­ry­na,müş­de­ri­le­riň is­leg­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Mu­nuň üçin kär­ha­na­­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­ri hil gö­zeg­çi­li­gin­den ge­çir­ýän ýö­ri­te bar­lag­ha­na he­re­ket ed­ýär.

«Heş» ha­ryt ny­şan­ly tä­miz­leý­jise­riş­de­le­ri­ni gapla­ma­ga ni­ýet­le­nen plas­tik gap­lar hem kär­ha­na­nyň özün­de ön­dü­ril­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň