Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gyzgyn günler dowam edýär (Hepdelik howa maglumaty)

11:3103.08.2020
0
1678
Türkmenistanda gyzgyn günler dowam edýär (Hepdelik howa maglumaty)

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24 gradusdan +25...+30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29...+34 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24 gradusdan +23...+28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36 gradus maýyldan +35...+40 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazykgünbatardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23 gradusdan +22...+27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37 gradusdan +35...+40 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazykgünbatardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24 gradusdan +23...+28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36 gradus maýyldan +36...+41 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23 gradusdan +22...+27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30...+35 gradus maýyldan +34...+39 gradus aralygynda yssy bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24 gradusdan +24...+26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35 gradus maýyldan +37...+39 gradus aralygynda yssy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň