«Miras» sagatda 10 tonna guş iýmini öndürýär

11:2003.08.2020
0
10242

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Zaman» geňeşliginiň çägindäki guş iýmini öndürýän kärhana hususy pudaga degişli bolan döwrebap önümçilikleriň biridir. «Miras» hususy kärhanasynyň bu toplumy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa ýerli önümleriň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, guşçulygy ösdürmek, milletiň Lideriniň oba ýerlerinde iş orunlaryny artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen döredilip, bu gün öz işini üstünlikli alyp barýan kärhana öwrüldi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hususy kärhananyň guş iýmini öndürýän toplumynyň önümçilik binasy Ýewropa döwletleriniň öň debaryjy önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu tehnologiýalar ýokary hilli guş iýminiň sagatda 10 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, kärhananyň önümçilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalşylýar.

Häzirki wagtda düzüminde bugdaý, mekgejöwen, jöwen, soýa, günebakar künjarasy, ösümlik ýagy, duz, dürli witaminlerdir minerallar bolan guş iýminiň dört görnüşi öndürmek maksat edilýär. Kärhanada önümçilik işine ýörite kompýuterler arkaly gözegçilik amala aşyrylýar. Munuň özi ýokary hilli guş önümlerini öndürmek bilen baglanyşykly işleriň sazlaşykly we bökdençsiz ýerine ýetirilmegine şert döredýär.

Kärhananyň hünärmenleri öndürilýän guş iýmini polipropilen haltalara gaplap, taýýar önümler ammaryna ýerleşdirýärler. Soňra bolsa taýýar guş iými bu hususy kärhananyň guşçulyk toplumyna ugradylýar. Ýeri gelende, kärhananyň çig mal üpjünçiliginde ekerançylyk üçin bölünip berlen ýer böleginiň uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Ol ýerde ýetişdirilýän bugdaý, arpa, mekgejöwen, soýa ýaly ekinler kärhananyň önümçilik bölüminde gaýtadan işlenilýär. Netijede, guş iýminiň görnüşleri barha artýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň