Aşgabat şäherinde awgust aýynda iki gezek jemgyýetçilik kabul edilişigi geçiriler

10:4603.08.2020
0
14138

2020-nji ýylyň 8-nji we 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär. Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-19-20, 39-19-21.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň