Yzyna gaýtdylar

11:4402.08.2020
0
1515

ABŞ-nyň aerokosmos edarasy NASA-nyň hem-de “SpaceX”-iň 9 ýyldan soňra ABŞ-nyň çäklerinden kosmosa iberen iki astronawty Ýere gaýdarlar. “Crew Dragon” kapsulasy Halkara Kosmos Bekedinden aýrylyp Ýere tarap gaýdar. Şu ýylyň 30-njy maýynda “Falcon 9” raketasy arkaly kosmosa uçurylan Robert Benken hem-de Dug Harli 19 sagatdan soňra 31-nji maý güni Halkara Kosmos Bekedine aýak badypdylar. Iki aý bäri dürli synaglara we tejribelere gatnaşan astronawtlar “Demo-2” atly wezipesini tamamladylar. Indi bolsa, olaryň yzyna dolanmaly wagty geldi. Şu gün Ýere gaýtjak astronawtlar 19 sagatdan soňra Aşgabat wagty bilen 23:42-de Floridanyň golaýynda deňziň üstünde gurlan platforma gelip düşerler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň