Şu ýyl Ahal welaýatynda jemi 270 kombaýn pagta ýygar

14:1731.07.2020
0
1308

Ahal welaýatynda pagta ýygymy möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oba hojalygyndaky bu möhüm we jogapkärli möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlara aýratyn orun degişlidir. Şoňa görä-de, şu günler welaýatyň Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda pagta ýygyjy kombaýnlaryň jemi 270-si, şol sanda «John Deere» kysymly kombaýnlaryň 153-si, «Keýs» kysymly kombaýnlaryň 3-si, iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 114-si bolup, olar abatlaýjylar tarapyndan doly gözden geçirilýär, abatlaýyş-bejeriş işleri ýerine ýetirilýär.

Möwsüme çenli innowasion tehnologiýaly, ýokary kuwwatly «John Deere» kysymly kombaýnlaryň täze tapgyrynyň gelmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň