Şu ýyl «Guwluduzda» 50 müň tonna golaý nahar duzy öndürildi

14:0931.07.2020
0
1907

Şu ýyl «Guwlyduz» kombinatynda çykarylan nahar duzunyň umumy möçberi 48 müň tonnadan hem geçdi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu görkeziji hasabat döwri üçin bellenilen meýilnamadan 2,1 müň tonna golaý köpdür. Gürrüňi edilýän kärhanada alty aýda taýýarlanylyp, ýörite gaplara gaplanan nahar duzunyň umumy möçberi 11 müň 190 tonna golaýlap, meýilnama artygy bilen berjaý edildi.

Kombinatyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarlarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe biziň ýurdumyzda ýa sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biri hasaplanýar. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 millon tonnadan hem geçýän «Guwlyduz» kärhanasy, ýeri gelende aýtsak, duz çykarmakda sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.

Kärhananyň golaýyndaky «Duz kölünden» alynýan çig maly gaýtadan işläp, her ýylda ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 40 müň tonnasyny, gerdejik görnüşli tehniki duzuň bolsa 2 müň 500 tonnasyny taýýarlamaga mümkinçiligi bolan bu täze desga ekologiýa taýdan arassa we önümçilik babatda ýitgisiz işleýänligi bilen tapawutlanýar. Bu önümhananyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzy ýokary hilli ýodlaşdyrylan iýmitlik nahar duzy bilen doly üpjün etmäge mümkinçiligiň döredilendigini hem aýratyn nygtamak gerek.

Kärhananyň taýýarlaýan tehniki duzlary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda harytlyk görnüşine getirilýän nebit önümleriniň düzümini dünýä hil ülňülerine laýyk derejede arassalamakda, dokma pudagynda taýýarlanylýan ýüplükleriň reňkleriniň solmazlygyny gazanmakda, ýyladyş ulgamlarynyň işini kadaly ýola goýmakda we beýleki köp sanly ugurlarda giňden peýdalanylýar. Bu önümhanada taýýarlanýan duz 1 we 2 kilogramlyk ýörite plastik bedrejiklere hem-de 10 — 50 kilogramlyk haltalara gaplanylýar we olaryň hil görkezijileri bu ýerdäki barlamhanada anyk kesgitlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň