Soňky habarlar

Arhiw

BSGG-niň wekilleri Türkmenistanda COVID-19-yň öňüni almak boýunça alnyp barylýan çäreleri goldadylar

11:4631.07.2020
0
25925

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň metbugat merkezi häzirki wagtda Türkmenistanyň ýurtda COVID-19 keseliniň ýüze çykmagy bilen bagly habar bermändigini belleýär. Ýöne ýurtda dem alyş ýollary bilen bagly bu ýokanç keseliň öňüni almak üçin berk çäreler görülýär. Şol çäreleriň çygrynda köpçülikleýin ýerlerde ― bazarlarda, dükanlarda we jemgyýetçilik ulaglarynda käbir çäklendirmeler girizildi.

BSGG-niň ýakynda Türkmenistanda bolan wekiliýeti ýurtda ýokarda agzalan çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek bellediler. Olar howply keseliň öňüni almak maksady bilen, ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň wekillerine ýene-de birnäçe maslahatlary berdiler. Olaryň hatarynda güman edilýän hadysalary barlamak, izolirlemek we bejermek bilen baglydyr.

BSGG-niň wekiliýetiniň Türkmenistandaky missiýasy tamamlamak üçin, gurama tarapyndan ýurda ynsanperwerlik kömegi hökmünde öňüni alyş serişdeleri ugradyldy. Missiýa ýurduň birnäçe ýerlerinde aýlanyp, ýurtda amala aşyrylýan öňüni alyş çäreleri bilen tanyşdylar. Berlen beýanatda bolsa: «Türkmenistan abanýan howpdan doly habarly, ýurtda COVID-19-yň öňüni alyş çäreleri geçirilýär» diýildi. Şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynyň ýolbaşçylaryna, Ýewropa döwletleriniň köpüsinde edilişi ýaly, içerki barlaglaryň netijelerini BSGG-niň barlaghanasyna tassyklamak üçin ibermek maslahat berildi.

2005-nji ýyldan bäri hereket edýän Halkara saglyk düzgünnamasyna laýyklykda, ähli ýurtlar, tebigatyna ýa-da geografiýasyan garamazdan, garaşylmadyk ýa-da adaty bolmadyk jemgyýetçilik saglyk wakalary barada BSGG-a habar bermelidir.

Toparyň hünärmenleri saglygy goraýyş işgärleri üçin goşmaça okuwlary guramagyň hem zerurdygyny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň