«Türkmendemirýollary» otly gatnawlarynyň çäklendirmesini 15-nji awgusta çenli uzaltdy

23:2130.07.2020
0
30562

«Türkmendemirýollary» agentligi Türkmenistanyň çägindäki otly hereketiniň çäklendirmelerini 15-nji awgusta çenli uzaltdy.

«Demir ýol ulaglarynyň hereketiniň 15-nji awgusta çenli çäklendirilýändigini habar berýäris» diýip, bu barada agentligiň resmi saýtynda hem aýdyldy.

Mundan ozalky çäklendirmeler 16-njy iýuldan 23-nji iýula, soňra 24-nji uýyldan 31-nji iýula çenli bolupdy.

Ýüze çykan sowallar boýunça +99312383273 / 75 / 76 / 79 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň