Arhiw

Penaltiden iň köp gol geçiren futbolçylar

14:1030.07.2020
0
1397

Futbolyň hatda beýleki sport görnüşleriniň käbirleriniň aýrylmaz bölegi-de penalti urgularydyr. Dünýä belli “transfermarkt” internet portaly soňky 20 ýylda, has takygy XXI asyrda Ýewropanyň TOP 5 ligasynda iň köp penalti geçiren futbolçylaryň sanawyny mälim etdi. Sanawda 1-nji orny “Ýuwentusyň” portugaliýaly oýunçysy Kristiano Ronaldo eýeleýär. Ol şu wagta çenli 114 penaltini dürs urmagy başardy. Ronaldonyň esasy bäsdeşi Lionel Messi, italiýaly Françesko Totti ikisi 75 penalti goly bilen 2-3-nji ýerleri paýlaşýarlar.  Şwesiýaly ýyldyz oýunçy buugurda 4-nji orny eýeleýär.

 

1. Kristiano Ronaldo – 114 penalti goly

2. Françesko Totti – 75

3. Lionel  Messi – 75

4. Zlatan Ibrahimowiç – 64

5. Frank Lampard – 50

6. Edinson Kawani – 48

7. Stiwen Jerrard – 46

8. Alessandro Del Piero – 44

9. Ronaldinio – 44

10. Serhio Aguero – 41

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň