Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli gezelenç etdi

12:0830.07.2020
0
967

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Ir bilen döwlet Baştutany Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp gözel künjege geldi. Gezelenç şu ýerden badalga aldy.

Döwlet Baştutany welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady. Welosipedli gezelenç birnäçe sagatlap dowam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň