Türkmenistanyň Prezidenti Garlawaç atly bedewinde gezelenç etdi

12:0330.07.2020
0
1120

Düýn ― zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Milletiň Lideri bu ýere welosipedde geldi. Döwlet Baştutany athanada Garlawaç atly mele bedewiň ýanyna geldi we oňa kelleki dakdy. Döwlet Baştutany onuň beden gurluşyny synlap, milli seýisçilik däplerine laýyklykda biraz salym oňa ideg etdi, soňra bedewi athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezelenç etdi.

Bedewli gezelençden soň, Türkmenistanyň Prezidenti ony athana getirdi, onuň kellekisini aýyrdy we bedewiň öňüne ot dökdi. Soňra bolsa Garlawajy arassa suwa ýakdy. Millietiň Lideri ýörite dürüşde taýýarlap, bedewi iýmledi. Edilýän idege hoşallygyň nyşany hökmünde üşükli Garlawaç öz eýesine başyny atdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň