Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri telefonda pikir alyşdylar

09:2130.07.2020
0
8556

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy ― diýip, YDH habar berýär.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, tutuş adamzada çynlakaý wehim salýan we dünýäde çylşyrymly ýagdaýyň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy meselesine deglip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşde halkara bileleşigiň tagallalaryny doly goldaýandygyny belläp, bu ugurda anyk netijeleri gazanmak üçin dünýäniň ähli döwletleriniň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ýurdumyzyň bu ugurda täze usullary we çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň