Soňky habarlar

Arhiw

Iň köp “duşuşygyň ýyldyzy” saýlanan futbolçylar

12:2429.07.2020
0
1429

Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempiontynda soňky 10 ýylda iň köp “duşuşygyň iň ökde oýunçysy” saýlanan futbolçylaryň sanawy mälim edildi. Sanawda “Barselonanyň” super ýyldyzy Lionel Messi 1-nji ýeri eýeleýär. Argentinaly oýunçy 2010-njy ýyldan bäri 228 gezek duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. Bu ugurda onuň esasy bäsdeşi Kristiano Ronaldo 2-nji orunda barýar. Portugaliýaly oýunçy 127 gezek duşuşygyň ýyldyzy diýlip saýlandy. 3-nji ýerde 94 duşuşyk bilen “Real Madridiň” belgiýaly oýunçysy Eden Azar barýar.

 

1. Lionel  Messi – 228 duşuşyk

2. Kristiano Ronaldo – 127

3. Eden Azar – 94

4. Zlatan Ibrahimowiç – 89

5. Neýmar – 66

6. Luis Suares – 65

7. Garet Beýl – 62

8. Antuan Grizmann – 58

9. Arturo Widal – 53

10. Marko Roýs – 50

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň