Soňky habarlar

Arhiw

Ukraina ýene-de Türkmenistandan dizel ýanygyjyny alyp başlady

11:4029.07.2020
0
15287

«Ukrrudprom.com» habar gullugynyň habaryna görä, şu gün 4000 tonna türkmen dizel ýangyjynyň «Nawiger-2» tankeri bilen Türkmenbaşy halkara deňiz menzilinden Zaporožýe menziline barmagyna garaşylýar.

Çeşmäniň habaryna görä, 4000 tonna dizel ýangyjy bolan başga bir gämi, Türkmenbaşydan Nikolaýew menziline tarap ugraýar.

«Nebit we nebit önümleriniň dünýä bahalarynyň arzanlamagy sebäpli, Ukraina türkmen dizel ýangyjyny almagy togtatdy. Ortaýer deňzinde bahalaryň ýokarlanmagy bilen satyn alyş ýene-de dowam etdirilýär» diýip, ukrain tarapy düşündirýär.

Türkmenistan mundan ozal dizel ýangyjyny Ukraina iň soňky gezek geçen ýylyň oktýabr aýynda ugradypdy. Geçen ýyl Ukraina jemi 107 müň tonna ýangyç ugradyldy. Şunça ýangyjyň 35 müň tonnasy Zaparožýe menzilinde kabul edilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň