Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» gazeti 100 ýaşady

10:3729.07.2020
0
7066

Şu gün – 2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň baş neşiri bolan «Türkmenistan» gazetiniň çap edilip başlanmagyna laýyk 100 ýyl – bir asyr doldy. Munuň özi tutuş türkmen milli metbugat žurnalistikasynyň 100 ýaşandygyny görkezýär. “Türkmenistan”  gazetiniň neşiriniň ýola goýulmagy Türkmenistanda taryhy waka boldy. Şol döwürde döwlet gurluşyny, aň-bilimi, doganlyk-dostlugy wagyz etmekde gazetiň roly barha ýokarlandy. «Türkmenistan» gazeti milli žurnalistleri taýýarlamakda 1920-nji ýylyň ortalarynda, dürli tipdäki neşirleriň ýola goýulmagynda kerwenbaşy we guramaçy roly oýnady.

Ýurduň baş gazetiniň ýubileý senesinde onuň taryhy bilen bagly käbir maglumatlary “Türkmenportalyň” okyjylaryna ýetirmek isleýäris.

Türkmen metbugatynyň gyzykly taryhy bar. XIX asyryň ahyrlarynda ilkinji gezek rus dilindäki gazet-žurnallar çap edilýär.  XX asyryň ikinji ongünlüginde rus, pars, türkmen dillerindäki gatyşykly neşirler peýda bolýar.

“Türkmenistan” gazetiniň birinji sany 1920-nji ýylyň 29-njy iýulynda çykdy. Gazet şol wagtky partiýanyň Zakaspi oblast komitetiniň, oblast rewolýusion komitetiniň organy hökmünde neşir edilip başlady. Şol mahallar hepdede bir gezek çykýar. Gazet  kiçi formatly, möçberi iki sahypady, materiallar arap elipbiýinde çap edilýärdi. 1920-nji ýylda gazetiň tiražy 600-den 1000-e çenli üýtgäp durupdyr. Şol ýyl gazetiň jemi 14 sany çykypdyr. Onuň ahyrkysy 1920-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çap edilipdir.

Gazetiň ilkinji çykan sanlary barada M.Annagurdowyň  K.Ylýasow bilen H.Goçmyradowyň “Döwrüň aýnasy” (Aşgabat, 1990 ý.) kitabynda ýerleşdirilen ýatlamasynda şeýle diýilýär: “Gazetiň 1920-nji ýylda çykan sanlarynyň hemmesiniň diýen ýaly ekzemplýarynyň Özbegistanyň A.Nowaýy adyndaky kitaphanasynyň, iki sanynyň ekzemplýarynyň hem Moskwanyň W.I.Lenin adyndaky döwlet kitaphanasynyň fondlarynda bardygy belli boldy. Şol sanlaryň arasynda onuň birinji sany-da  takyklanyldy. Ol 1920-nji ýylyň  29-njy iýulynda penşenbe güni çykypdyr. Ine, şol sanyň bir ekzemplýary. Biz oňa nebsewürlik bilen seredýäris. Begenjimiziň çägi ýok. Ol müýnli ýaly eplenipjik ýatyr. Belki, ol özüniň daşky görnüşiniň horaşanlygyndan “utanýandyr”. Dogrudanam, onuň daşky görki öwerlik däl. Saralyp giden ýaramaz hilli, bir bölejik kagyz tagtasy, onuň iki ýüzünde çap edilen arap harplarynyň birentegi öçügsi çykypdyr,  sözleriniň birentegini zordan okap bolýardy. Dyngy belgileriniň aglabasy görünmeýär, abzaslaryň birnäçesiniň başy-aýagy belli däl. Hiç hili surat-beýleki ýok. Ýöne welin, şu iki sahypa, tekstiň özi türkmen halkynyň taryhynda onuň milli metbugatynyň ilkinji gezek döräp ugrandygyny alamatlandyrýan bir dokumentdi”.

Gazetiň ilkinji sanynda:”Gazet nämedir”, “Ýatan öküze iým ýok” diýen sözbaşyly makalalar çap edilipdir. “Gazet nämedir” diýen sözbaşyly baş makalada täze eýýamda türkmen halkynyň medeniýetiniň, magaryfynyň, ylmynyň, bütin durmuşynyň rowaçlanjakdygy, şol ösüşde milli metbugatyň örän uly rol oýnamalydygy nygtalyp görkezilýär.

“Ýatan öküze iým ýok” diýen sözbaşyly makalada eziji synplarynyň ygtyýarynyň ellerinden gaňryp alnandygy, täze jemgyýetiň diňe sap ýürekli zähmet çekmek arkaly döredilip bilinjekdigi okyjylara düşündiriýär.

 Gazet 1920-nji ýylyň noýabrynyň ortalaryndan başlap, 1921-nji ýylyň ýanwar aýynyň ortasyna çenli arakesmeden soň onuň birinji sany 1921-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykyp başlady. Şondan soň hem gazet yzygiderli çykmandyr. 1921-nji ýylda gazet her üç günden, bäş günden, iki hepdeden, käwagt ýigrimi günden çap edilipdir. Gazetiň çykyşy 1922-nji ýylda hem yzygiderli bolmandyr.

1921-nji ýylyň dowamynda gazet uly formatly, möçberi iki sahypa bolupdyr. 1922-nji ýylyň 17-nji martyndaky sanyndan başlap, ol uly formatly (käte kiçi formatly), möçberi dört sahypadan ybarat bolupdyr.

Gazetiň tiražy üýtgäp durupdyr. Käwagt köpelip (1600-den 2000 ekzemplýara çenli), käwagt azalypdyr. Şol wagtlar Türkmen (ozalky Zakaspi) oblasty RSFSR-iň Türküstan awtanom Sowet Sosialistik Respublikasynyň düzümine girýärdi. Oblasyň partiýa guramasyna gös-göni Türküstan KP Merkezi Komiteti we RK(b)P MK-nyň Türküstan býurosy (Türkbýurosy) ýolbaşçylyk edýärdi. Bu metbugat barada hem şeýledi.

“Türkmenistan” gazeti 1921-nji ýylda partiýanyň oblast komitetiniň organy hökmünde neşir edilýärdi. Gazet 1922-nji ýylyň 15-nji fewralyndan obkomyň we oblispolkomyň organy bolup çykarylyp ugralýar. 1923-nji ýylyň 27-nji awgustyndan gazet “Goşçy” soýuzynyň oblast prawleniýesiniň organy hökmünde-de neşir edilýär.

Gazet 1922-nji ýylyň 17-nji martynda çykan sanyndan beýläk iki dilde: türkmen we azerbaýjan dillerinde çap edilýär. 1924-nji ýylyň 2-nji ýarymyndan gazetiň diline üýtgeşiklikler girizilip, ol türkmen diline has ýakynlaşdyrylýar.

1921-1924-nji ýyllarda G.Husaýnow, Ç.Pürliýew, H.Hanow, Gurbanseýidow, Hojamberdiýew dagy gazetiň baş redaktory bolup işleýär.

1924-nji ýylyň ortalarynda “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasynyň jemi 2 sany işgäri bolan bolsa, 1924-nji ýylyň aýagynda -1925-nji ýylyň başlarynda onuň 8 sany işgäri bolupdyr.

1925-nji ýylda “Daýhan”, “Ýaş kommunist”, “Zähmet” gazetleri we “Tokmak” žurnaly neşir edilip başlananda, olaryň özbaşdak redaksiýasy bolman, “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasynyň üsti bilen çykarylypdyr. Şeýle ýagdaýda-da, 1925-nji ýylyň aýagynda “Türkmenistan” gazetiniň ähli neşirleri (“Tokmak” we başgalar) üçin 17 sany edebi işgäri bolup, olardan 13 adam türkmen, 2 adam pars, 2 adam tatar bolupdyr.

1926-njy ýylyň güýzünden “Türkmenistan”, “Daýhan”, “Zähmet”, “Ýaş kommunist” gazetleriniň, “Tokmak” žurnalynyň her biriniň özbaşdak redaksiýasy döredilýär.

1927-1928-nji ýyllarda diňe bir “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasynyň ştaty 15 adamdan ybarat bolupdyr. 

«Türkmenistan» gazeti agitadion we propagandistik iş geçirmek üçin sowatly adamlaryň, esasan-da mugallymlaryň material susup alan çeşmesi boldy. Mugallymlar ilatyň sowatly bölegi bolup durýardylar, Oktýabr rewolýusiýasyndan öň bolsa ilatyň sowatlylygy 0,7 prosentden aňry geçmeýärdi. Mugallymlar «Türkmenistan» gazetiniň ilkinji habarçylary boldular.

Bu ýerde Sowet Türkmenistanynyň iň baýry mugallymlarynyň biri bolan we «Türkmenistan» gazetiniň ilkinji habarçylarynyň biri bolan, soňra bolsa respublikanyň ökde edebi terjimeçileriniň biri bolan Ýowşan Öwezmämmedowyň ýatlamasyny görkezip geçmegi zerur diýip hasap edýäris. Ol şeýle diýýär: «...Oktýabr aýynda günleriň birinde meniň mugallym bolup işleýän internadyma türkmenleriň ene dilinde «Türkmenistan» gazetiniň bir nomeri (ekzemplýary) iberilipdi. Men onuň her bir nomerini okaýardym we gyzyl çaýhana ýygnanan daýhanlaryň arasynda telim gezek gaýtalap-gaýtalap okap berýärdim... Meni raýon magaryf bölüminiň müdirligine bellän mahallarynda, meniň jemgyýetçilik işimiň gerimi giňeldi: indi men diňe bir Bäherdendäki gyzyl çaýhanada daýhanlaryň arasynda gazet okap bermek bilei çäklenmän, eýsem özümiň gulluk işlerim boýunça barýan ýerlerimdäki beýleki obalaryň daýhanlarynyň arasynda hem gazet okap berýärdim. Soňra «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy bilen hem ysnyşykly aragatnaşyklar edip başlandygymy aýtmak isleýärin, bu gazetde meniň habarlarym çap edilýärdi, redaksiýa ştatdan daşary habarçy hökmünde maňa tabşyryklar berýärdi»...

«Türkmenistan» gazeti 100 ýyllyk taryhynda ýurduň ähli gazetlerine kerwenbaşy bolmak bilen birlikde, tejribeli we işbaşarjaň žurnalistleriň ýüze çykmagynda-da aýratyn hyzmaty ýerine ýetirip gelýär. «Türkmenistan» gazetiniň esasy wezipesi Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatyny wagyz etmekden,  ýurduň ösüşlerini, içeri we daşary syýasatyny, halkyň ýaşaýyş-durmuşyny beýan etmekden ybarat bolup durýar. Häzirki wagtda gazetiň redaksiýasynda köp ýyllaryň iş tejribesini, gazet işini, žurnalistikanyň inçe usullaryny ele alan halypalar, şeýle-de zehinli ýaş žurnalistler zähmet çekýär. Bu neşir ýaş žurnalistleriň esasy tejribe mekdebi hasaplanýar. Häzirki wagtda gazetiň elektron görnüşi hem okyjylara ýetirilýär.

«Türkmenistan» gazetine häzirki wagtda işbaşarjaň, ussat žurnalist hem zehinli şahyr Kakamyrat Rejebow baş redaktorlyk edýär. Baş redaktoryň hünär ussatlygy, gazet işine ezberligi, redaksiýanyň işgärleriniň agzybirligi onuň her sanynyň okyjylar tarapyndan oňat garşylanmagyna getirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmek we kämilleşdirmek baradaky alyp barýan işleriniň çäginde, «Türkmenistan» gazeti öz okyjylarynyň ynamyny gazanmakda tutanýerli iş alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň