Katar Olimpiýa oýunlaryny guramakçy bolýar

19:1328.07.2020
0
3829

Ýene-de iki ýyldan geçiriljek FIFA Dünýä Kubogyny guraýjy Katar tomusky Olimpiýa oýunlaryny-da geçirmek üçin häzirden işe girişdi. Katar Olimpiýa komiteti 2032-nji ýylda we ondan soň geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň haýsy hem bolsa birini özlerinde geçirmek isleýändiklerini beýan etdi. Netijede, Katar Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçylary bu barada resmi ýagdaýda Halkara Olimpiýa Komitetine ýüz tutulandygyny habar berdi. Bu barada Katar Olimpiýa komitetiniň başlygy Joaan bin Hamid bin Halife el-Tani: “Ýakyn Gündogarda hiç bir ýurtda Olimpiýa oýunlary geçirilmedi. Olimpiýa oýunlary halkaryň arasynda parahatçylygy aňladýar. Şeýle-de sport halkymyzyň, ýurdumyzyň ösmegine uly goşant goşýar. Guramaçylyk babatda ýeterlik tejribämiz bar. Parahatçylyk, medeniýet özgeriş babatda sport biziň esasy ýörelgämiz bolup durýar. Bizem şu şygarlar bilen Halkara Olimpiýa Komiteti bilen öňümizdäki günlerde gepleşikler geçireris” diýip, çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň