Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda giriş synaglary dowam edýär

17:0828.07.2020
0
2130

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ka­bul et­mek bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de do­wam ed­ýär. Mu­nuň üçin we­la­ýat mer­ke­zin­dä­ki döw­re­bap or­ta mek­dep­le­riň 5-sin­de, şeý­le-de Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­tyn­da ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Gi­riş sy­nag­la­ry ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň il­kin­ji bas­gan­ça­gy ha­sap­lan­ýar. Şu ýyl ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ag­la­ba­syn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­na hem-de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze hü­när ugur­la­ry gi­ri­zil­di ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bilim ulgamynda uly ähmiýete eýe bolan bu çäräni döwrüň talabyna görä geçirmek üçin jemgyýetçilik gözegçiligi ýola goýuldy. Şeýle-de okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygyny goramak maksady bilen hereket edýän kadalara laýyklykda howpsuz aralygy saklamak, agyz-burunlary lukmançylyk örtügi bilen örtmek düzgünleri berk berjaý edilýär. Synag geçirmegiň aç-açanlygyny hem adalatly bolmagyny üpjün etmek hem-de synaglaryň geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, ders otaglarynda iň kämil tehnologik enjamlar ornaşdyryldy. Jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gatnaşmagy, ähli synaglarda tehnologik enjamlar arkaly iş usulynyň ulanylmagy giriş synaglaryna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmaga, ýokary okuw mekdeplerine zehinli hem ukyply ýaşlary saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde täze gurlan 25-nji orta mekdep welaýatda geçirilýän bu çäräniň ilkinji badalga alan ýeri boldy. Bu ýerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girmek isleýän ýaşlar giriş synaglaryny tabşyrýarlar. Şol gün welaýat merkeziniň 7-nji orta mekdebinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine, 26-njy orta mekdepde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, 28-nji orta mekdepde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna, 27-nji orta mekdepde bolsa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna ilkinji giriş synaglary tabşyryldy.

Bu tolgundyryjy pursatlarda ýagty ertirlere ynamly gadam urýan ýaş nesiller bilim-sowatlylyklaryny, ukyp-başarnyklaryny aýdyň görkezýärler. Giriş synaglary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň