«Türkmenistan Sport» «Formula-1-iň» Beýik Britaniýanyň Gran-prisini göni ýaýlymda görkezer

12:1328.07.2020
0
3552

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy «Formula-1» ýaryşlarynyň şu möwsümdäki bäsleşiklerini göni ýaýlymda görkezmegini dowam etdirýär. Ýaýlymda 1-2-nji awgust günleri Beýik Britaniýanyň Gran-pri ýaryşlary görkeziler.

31-nji iýul ― 2-nji awgust aralygynda boljak ýaryşlar «Silwerstoun» ýaryş ýolunda geçiriler. Beýik Britaniýanyň Gran-prisi şu möwsümdäki ýaryşlaryň dördünji tapgyrydyr.

Göni ýaýlymda görkeziljek ýaryşlar bilen tanyşyň:

Senesi

Ýaryş

Ýeri

Wagty

Ýaýlymda

1

01.08.2020

Formula-1

Beýik Britaniýanyň Gran-prisi (saýlama tapgyr)

17:55

Göni ýaýlym

2

2.08.2020

Formula-1

Beýik Britaniýanyň Gran-prisi

18:05

Göni ýaýlym
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň