Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmengaz" TOPH taslamasyna bagyşlanan wideomaslahat geçirdi

21:3727.07.2020
0
11028

27-nji iýulda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmengaz» — döwlet konserniniň guramagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşyjy döwletleriň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi. Maslahata türkmen tarapyndan Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow we beýleki degişli ýolbaşçylar gatnaşdylar.  Bu barada Nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.  

  Maslahatda gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegine dahylly guramaçylyk, maliýe we gurluşyk meselelerine garaldy. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän koronawirus ýokanjy zerarly belli bir çäklendirmeleriň dörändigine garamazdan, taraplaryň onuň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändikleri aýratyn bellenildi, pandemiýa tamamlanandan soňra, taslamany has-da işjeňleşdirmegiň ýollary ara alyp maslahatlaşyldy.

 Maslahatda Owganystanyň, Hindistanyň we Pakistanyň wekilleri tarapyndan TOPH taslamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň hökümetiniň, ýangyç-energetika toplumynyň işine ýokary baha berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän şeýle ägirt uly taslamanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýeti, sebitiň halklarynyň abadan, bagtyýar durmuşy üçin ýokary ähmiýeti guwanç bilen bellenildi.

TOPH halkara gazgeçirijisine gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň aýdyşy ýaly, onuň durmuşa geçirilmeginiň sebitde parahatçylygy üpjün etmekde hem ägirt uly ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin olar Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentine, türkmen tarapyna bu taryhy tutumy durmuşa geçirmekde alyp barýan işleri üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň