Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýat kitaphanasynda okyjylaryň sany artýar

13:5827.07.2020
0
1045

Ahal welaýat kitaphanasynyň okyjylary diňe şu ýylda 650 adam köpeldi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şeýlelikde, welaýat kitaphanasynyň okyjylarynyň sany 17 müňe ýetdi.

Bu ýerde ýylyň başyndan bäri dürli mazmunly kitaplaryň 36 müň 245-si okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany hem artdy.

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda täze gelen kitaplaryň, şol sanda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Galkynyş» kitap merkezinden gelip gowşan neşirleriň hasabyna kitaphananyň kitap gaznasy 49 müň 239-a ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň