Soňky habarlar

Arhiw

2025-nji ýyla çenli Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 1,4 esse artar

13:4027.07.2020
0
1150

2025-nji ýylda diňe Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 1,4 esse artar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Diňe Lebap welaýatynyň çäginde Çärjew, Döwletli etraplarynda ulanylmaga berlen «Lebap», «Watan» döwlet elektrik beketleri bökdençsiz elektrik energiýasyny öndürýärler. Çärjew etrabynyň çäginde ýyllyk kuwwaty 149,2 megawat, Döwletli etrabynyň çäginde ýyllyk kuwwaty 254 megawat bolan «Lebap», «Watan» döwlet elektrik beketleri ýurdumyzyň bir bitewi energetika ulgamyna işjeň goşuldylar. Kerki etrabynyň çäginde kuwwaty 500 kilowata barabar bolan elektrik bekedi hem bäş ýyl bäri üstünlikli işleýär.

Desgalaryň kuwwatly işlemekleri netijesinde ilatyň we tutuş önümçiligiň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has gowulandy. Welaýatda işe girizilen döwrebap elektrik desgalary eksporta iberilýän elektrik energiýasyny öndürmäge hem uly goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň eksporta iberýän elektrik energiýasynyň möçberiniň has artmagy bolsa, döwletimiziň energetika babatynda dünýä ykdysady giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuny has berkitdi.

Häzirki wagtda Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik bekediniň ýanynda ýene-de has kuwwatly — ýyllyk kuwwatlylygy 432 megawat bolan elektrik bekediniň gurluşygy alnyp barylýar. Döwrebap elektrik bekediniň gurluşygy Türkiýäniň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň