Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda giriş synaglary dowam edýär

13:2527.07.2020
0
1754

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary Ahal welaýatynda guramaçylykly dowam edýär. Bu jogapkärli işiň degişli talaplara laýyklykda, guramaçylykly geçirilmegi üçin welaýat häkimligi we Baş bilim müdirligi tarapyndan ähli tagallalar görüldi. Şeýle bolansoň, şu günler ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň agzalary möhüm çäräni ýokary derejede alyp barýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

2019 — 2020-nji okuw ýylynda welaýat boýunça ýaşlaryň 9278-si ak mekdepler bilen hoşlaşdy. Şol ýaşlaryň arasynda mekdep ýyllarynda dürli derejedäki ders, taslama, internet we döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolanlary hem az däl. Ylym-bilime, hünäre höwesli şeýle ýaşlaryň uly topary ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby bolmaga synanýarlar.

Şu günler giriş synaglary Ak bugdaý we Gökdepe etraplaryndaky bilim ojaklarynda geçirilýär. Käbir ýokary okuw mekdepleri boýunça synaglar üstünlikli tamamlandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny agzamak bolar. Agzalan ýokary okuw mekdepleri boýunça giriş synaglary 22 — 25-nji iýulda degişlilikde, Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 28-nji, 16-njy, 27-nji orta mekdeplerde, şeýle-de, welaýat Ýörite sungat mekdebinde geçirildi. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebinde ady agzalan mekdebe kabul etmek işi 26-njy iýulda tamamlandy.

Şu günler Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdepde Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine, şol etrapdaky 16-njy orta mekdepde I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine okuwa kabul etmek hünäre boýunça synaglar dowam edýär. Ýaşlaryň bilime, ylma we hünäre bolan çuňňur höwesi bu synaglarda has äşgär duýulýar. Munuň özi ýaşlaryň zehinliden-zehinlisine okuwyny ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Halkara nebit we gaz uniwersitetine, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna giriş synaglary 31-nji iýulda başlap, 3-nji awgustda tamamlanar. Bu giriş synaglary Ak bugdaý etrabyndaky 27-nji, 1-nji, 16-njy, 28-nji orta mekdeplerde, welaýat Ýörite sungat mekdebinde geçiriler. Ýeri gelende welaýatda agzalan ýokary okuw mekdeplerine girmäge dalaş edýän ýaşlaryň köpdügini bellemek gerek.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuwa girmek üçin resminamalaryny tabşyran ýaşlar 4 — 7-nji awgust aralygynda giriş synaglaryny tabşyrar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Türkmen döwlet maliýe institutyna, Türkmen döwlet medeniýet institutyna girmäge isleg bildiren ýaşlardan giriş synaglary 13 — 16-njy awgustda kabul ediler.

Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasy boýunça giriş synaglary 19-njy awgustda geçiriler. Medeniýet ugurlary boýunça bilim berýän orta hünär okuw mekdeplerine, ýagny, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine giriş synaglary 3 — 5-nji awgustda geçiriler. Bu giriş synaglarynyň geçiriljek ýerleri ähli gerekli esbaplar we serişdeler bilen doly üpjün edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň