Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada “Ýuwentus” yzly-yzyna 9-njy gezek çempion boldy

12:0627.07.2020
0
5200

 

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da çempion möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda mälim boldy. 36-njy tapgyrda “Sampdoriýany” Kristiano Ronaldo (45+7) we Federiko Bernardeskiniň (67) gollary bilen 2-0 ýeňen “Ýuwentus” yzly-yzyna 9-njy, umumylykda bolsa, 36-njy gezek çempion bolmagy başardy. Duşuşygyň 89-njy minutynda Ronaldo penalti urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Häzirki wagtda iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda Ronaldo “Lasionyň” hüjümçisi Çiro Immobileden 3 gol yza galdy. Immobile toparynyň “Weronany” 5-1 ýeňen oýnunda het-trik etdi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň