Türkmenistanda ýüzärlikden taýýarlanylýan antibakterial serişdeleriň önümçiligi giňeldildi

12:5726.07.2020
0
23606

Arassaçylyk we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň şu günler has möhümdigini göz öňünde tuutp, köp sanly içerki önüm öndürijiler şeýle serişdeleriň önümçiligini giňeltdiler. Olaryň arasynda ýüzärligiň melhemlik häsiýetlerine daýanýan antibakterial serişdeler has möhümdir.

«Täç hil» hususy kärhanasy şeýle önümleriň önümçiligine girişdi. Bu ýerde antibakterial serişdeler bilen birlikde zyýansyzlandyryş önümleri hem öndürilýär ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri ýazýar.

Sarp edijileriň islegi göz öňünde tutulyp, önümler 50 milligramlyk gaplarda öndürilýär. Bu bolsa ýanyňda götermek üçin amatlydyr. Ýeri gelende aýtsak, 45 görnüşli önüm öndürýän «Täç hil» içerki bazardan başga-da olary Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan, Owganystan, Özbegistan, Gyrgyzystan ýaly döwletlere eksport edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň