Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

10:0625.07.2020
0
5766

Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnaly çapdan çykdy ― diýip, TDH ýazýar.

Žurnalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygynda eden çykyşy,  Muhammet pygamberiň ýaşyna ýeten Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 63 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dünýä döwletleriniň, hökümetleriniň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan gelen köp sanly gutlaglar öz ornuny tapdy.

Žurnalyň aýratyn rubrikasy şu ýylyň ikinji çärýeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňligine bagyşlanyldy. Türkmenistanyň Baştutanynyň 10-njy aprelde geçirilen Türki dilli ýurtlaryň geňeşiniň wideosammitine gatnaşmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilentelefon arkaly söhbetdeş bolmagy, Russiýanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Türkiýäniň Baştutanlary bilen şeýle gepleşikleri geçirmegi rubrikanyň öňe çykan aýratynlyklary boldy.

Žurnalyň sahypalarynda daşary ýurtly belli syýasatçylaryň, görnükli ylym we jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň, işewürleriň Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlary hem-de däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri baradaky makalalaryna aýratyn orun berilýär.

Türkmenistanyň we BMG-niň esasy agentlikleriniň DÖM-ni durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy adam hukuklary we suw diplomatiýasy boýunça çap edilen makalalarda öz beýanyny tapdy.

Okyjylar şeýle hem Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletinde diplomatiýanyň orny barada gürrüň berýän makala bilen tanşyp, taryha özboluşly gezelenç edip bilerler.

Žurnalyň şu gezekki sany däp bolan «Diplomatiýa durmuşynyň senenamasy» atly umumy sözbaşyly makalalar toplumy bilen tamamlanýar, olarda şu ýylyň aprel — iýun aýlarynda wideomaslahat görnüşinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň, iri halkara we sebit guramalarynyň wekiliýetleri bilen geçirilen köp sanly forumlara, maslahatlara, gepleşiklere we syýasy geňeşmelere syn berilýär.

Şeýle hem brifinglere, «tegelek stoluň» başyndaky gepleşiklere we DIM-niň we beýleki birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň BMG-niň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri bilen geçiren iş duşuşyklaryna aýratyn orun berilýär, bu duşuşyklarda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, bilelikdäki meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň