Arhiw

Kazankow ýene bir ýyl «Tomda» galar

10:3023.07.2020
0
5280

Türkmen futbolynyň uçurymy, «Tom» toparynyň ýarym goragçysy Maksim Kazankow  klub bilen şertnamasyny uzaltdy diýip toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Toparyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Maksim Kazankow, ýene bir ýyl Tomsk şäheriniň toparynyň düzüminde galar. 

Möwsümde 8 pökgi geçiren 33 ýaşly Kazankow, «Tomuň» 2019/20 möwsüminiň iň gowy futbolçysy boldy. Tomskly janköýerleriniň 30 göterimden gowragy oňa ses berdi. Olimp-FNL-niň wagtyndan ozal tamamlanan möwsüminde «Tom» 9-njy orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň