Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-de alty aýda 2,7 million tonnadan gowrak önüm alyndy

09:5623.07.2020
0
876

Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna şu ýylyň geçen alty aýynda gelip gowşan nebit çig malynyň möçberi 2 million 715 müň tonnadan hem köp bolup, şonuň 2 million 673 müň tonna golaýy ýokary hilli harytlyk görnüşine getirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Netijede, bu baradaky bellenilen ýarym ýyllyk meýilnamalar degişlilikde, 103,7 we 102 göterim amal edildi. Bu ýerde içerki we daşarky bazarlaryň geçginli harytlary bolan ýokary hilli nebit-himiýa önümleriniň aýry-aýry görnüşlerini taýýarlamakda gazanylan üstünlikler has-da guwandyryjydyr. Muňa benzin taýýarlamak baradaky meýilnamanyň 110,7 göterim, kerosin boýunça — 101,3 göterim, dizel ýangyjy babatda — 105,2 göterim, polipropilen taýýarlamakda 105,2 göterim ýerine ýetirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Toplumda suwuklandyrylan gazy taýýarlamakda gazanylýan netije hem guwandyryjydyr. Has takygy, bu ýerde gürrüňi edilýän hasabat döwründe daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan bu önümi taýýarlamagyň meýilnamasyna iki esseden hem köp amal edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň