Arhiw

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-niň Premýer ministriniň orunbasary bilen gepleşikleri geçirdi

09:4523.07.2020
0
13455

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de sebitleýin we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine bolan garaýyşlaryň birmeňzeşligi bellenildi.

Taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem ulag, energetika, himiýa senagaty we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň