Türkmenistanyň Prezidenti Pälwan atly alabaý bilen gezelenç etdi

09:5422.07.2020
0
2987

21-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsüminiň dowam edýän pursatlarynda Pälwan atly edermen alabaý iti bilen Köpetdagyň etegine gezelenje çykdy.  

Dag etekleriniň we belent baýyrlaryň tutuş gurşawynda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi bu ýerlerde ýakymly howa gurşawynyň döremegini we ajaýyp künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Aýratyn-da, säher çagynda dag etekleriniň howa gurşawy tutuş barlyk üçin ýakymly bolup durýar. Bu töwerekleriň ösümlik dünýäsi ynsan kalbyna ýakymly täsir edip, adamlaryň ruhuny göterýär.

Bu görnüşler dag howasynyň tämizligini, bu ýerde ýokary ekologiýa ýagdaýyny saklamak ugrunda döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar.

Türkmen halkyna mahsus bolan köpasyrlyk milli ýörelgelere laýyklykda, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde olaryň gezim etdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi alabaý itleriniň öz eýesine bolan wepasyny artdyrýar.

Bilelikde gezelenç etmegi hem öz içine alýan toplumlaýyn esasda geçirilýän işler netijesinde dünýäde gaýduwsyz, edermen, şol bir wagtyň özünde wepaly, goýun sürülerini we emlägi goramaga ukyply itler hökmünde dünýäde ykrar edilen alabaý kemala geldi.

Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda, aýratyn-da, serhet gullugynda alabaý itleriniň ulanylmagy, olaryň emlägi bolşy ýaly, serhedi goramakda, yz çalmakda aýratyn ukyplydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmen halky tebigat bilen ylalaşykda we sazlaşykda ýaşamak, halk seçgiçiliginiň hakyky ajaýyplygyny dünýä äşgär edipdirler. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň döretmek zehininiň örän aýdyň ýüze çykmasy bolup durýar.

Mukaddes Garaşsyzlygyň şanly toýuna taýýarlyk görülýän günlerde milli ýörelgelerimiziň berkarar bolýandygyny alamatlandyrýan bu wakalar halkymyzyň milli ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr.

Türkmen alabaýlary halkymyzyň buýsanjyna öwrülmek bilen bir hatarda olar ýurdumyzyň we onuň halkynyň umumy taryhy-medeni we ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýarlar. Munuň özi gaýduwsyz, edermen we juda wepaly alabaýlaryň döwrebap derejede ösdürilmeginde aýdyň ýüze çykýar.

Milli Lideriň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden eseriniň diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýändigini bellemeli. Türkmenler öz itlerinde batyrlyk we mertebe, gaýduwsyzlyk hem-de wepalylyk ýaly häsiýetleri terbiýeläp ýetişdirmegi başaryp, alabaýlaryň ählihalk söýgüsine mynasyp bolmagyny üpjün edipdirler.

Soňky ýyllarda alabaýlara bolan gyzyklanma dünýäde hem ep-esli artdy.
Biziň gaýduwsyz we edermen alabaýlarymyz dünýäniň gorag itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär.

Olar özüniň daşky görnüşi, örän haýbatly we kuwwaty bilen tapawutlanýar. Şol birwagtyň özünde bu itler özüniň hoşniýetliligi bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem uly meşhurlyga eýe boldular.

Alabaý itiniň döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir.

Hut şonuň üçin hem alabaý itleriniň bu gymmatly häsiýetlerini saklamak, ösdürmek, olary köpeltmegiň tejribelerini öwrenmek we umumylaşdyrmak, bu ugurda tejribe alyşmak häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar. Köpasyrlyk däplere daýanmak bolsa alabaý itleriniň tohum arassalygyny saklamaga, olaryň beýleki tohumdaky itlerden tapawutly aýratynlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Paýtagtyň gözel künjekleriniň birinde dünýäde meşhur bolan türkmen alabaýynyň heýkelini oturtmak baradaky çögüdiň kabul edilmegi türkmen halkynyň wepaly syrdaşy hasaplanylýan alabaýyň hormatynyň belent tutulýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutany özüniň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Alabaý biziň milli buýsanjymyz. Alabaý biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip nygtaýar..

Hormatly Prezident alabaýyň sazlaşykly ösýändigini, onuň beden gurluşynyň türkmen alabaýyna mahsusdygyny guwanç bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda uly gadyr goýulýan alabaý tohumyndaky itleriň häsiýetlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow dag eteginiň ajaýyp künjeginde alabaý bilen gezelenji tamamlap, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň