Soňky habarlar

Arhiw

Himiýa zawodynyň pansionatynda tomusda dynç alýanlar has kän

10:3921.07.2020
0
1099

Türkmenabadyň S.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň «Jennet» pansionaty gür baglary, gözel tebigaty bilen ýylyň ähli paslynda-da bu ýerdäki dynç alşyň ilkinji lezzetini paýlaýar. Pansionat Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Ol ýurdumyzyň çar künjeginden gelýän adamlara hem dynç alyş, hem sagaldyş öýi bolup hyzmat edýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Tebigy mineral suw bu ýerde hem esasy bejeriş serişdesidir. Suwuň düzüminde ýod, brom, bor, magniý, ftor, natriý, demir, marganes, sink, hrom, mis we alýuminiý ýaly elementler bar.

Bu ýere gelýän adamlar gan basyşynyň ýokary galmagy, nerw we daýanç hereket ulgamlarynyň näsazlygy, dem alyş ýollarynyň sowuklamasy ýaly kesellere şypa tapýarlar. Tomsuň häzirki günlerinde pansionatyň mähellesi ýetik. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň awtoulaglar kärhanasynyň ýolbaşçysy bolup işleýän Reýimkuly Narbaýew, pensioner Möminjan Ibragimow, saýatly mugallym Batyr Jumanyýazow ýaly ildeşlerimiz bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar bu ýerdäki bejergilerden hoşaldyklaryny aýtdylar.

— Tebigatyň bu ajaýyp künjegi seni gündelik aladalaryňdan doly saplaýar. Hoşamaý we eli ýeňil lukmanlar, dynç alýanlara döredilýän ýeňillikler hem-de juda elýeterli bahalar göwnüňi göterýär. Diňe saglygyňa seretdirmek üçin däl, dynç almak üçin gelmek gerek bular ýaly ýerlere — diýip, pensioner Möminjan aga aýdýar.

Pansionatda birbada ýüze golaý adam dynç alyp we saglygyny dikeldip bilýär. Bu ýere gelen raýatlara ýörite lukman tarapyndan bejergileriň haýsy görnüşini, nähili mukdarda almalydygy maslahat berilýär. Gan basyşyny we nerw ulgamlaryny kadalaşdyrmakda pansionatda berilýän bejergileriň ähmiýeti diýseň uludyr. Eli ýeňil we mylaýym lukmanlar gije-gündiz bu ýerde dynç alýanlaryň hyzmatynda. Ýaşaýyş otaglarynda, gür baglyga bürenip oturan howluda, fitnes zalynda we beýleki ýerlerde döredilen mümkinçilikler bu ýere gelýänleriň göwnejaý dynç almagyna ýardam berýär.

Tebigatyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän pansionat, hakykatdan-da, kalbyňa müň bir ýakym bagyşlaýar. Iň esasy zat — bu ýere gelýänler on günlük dynç alşyň netijesinde iň uly serpaý — sagdyn beden, sagdyn ruh bilen öýlerine dolanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň