Soňky habarlar

Arhiw

“Toyota” logosyny üýtgetdi

10:3621.07.2020
0
9275
“Toyota” logosyny üýtgetdi

Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy 2009-njy ýyldan bäri ulanýan logosyny üýtgetdi. Häzirlikçe diňe Ýewropa bazarynda ulanyljak logo adaty logodan o diýen tapawutly däl. Bu logo diňe elektron platformalarda ulanylar. Iki ölçegli logo “The&Partnership” şereketi tarapyndan döredilipdir. Şereketiň dizaýn boýunça ýolbaşçysy Dan Bekett 2009-njy ýyldan bäri ulanylýan logonyň indi “ýadandygyny” aýtdy. Ol täze logonyň sanly platformalar üçin has amatly boljakdygyny mälim etdi. Iki ölçegli, ýagny çuňlugy bolmadyk logony geçen ýyl “Volkswagen” kompaniýasy döredipdi. Şondan soňra BMW, ýaňy-ýakynda bolsa, “Nissan” we “Opel” ýaly kompaniýalar öz logolaryny üýtgetdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň