Soňky habarlar

Arhiw

«Himiýa senagat» alty aýda 127 tonna tehniki ýod öndürdi

10:3521.07.2020
0
1085

«Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň Bereket etrabynyň merkezinden 130 kilometre barabar daşlykda ýerleşýän «Çalja» meýdançasynda gurlup, işe girizilen ýod zawodynda bitirilýän işler hem döwrebaplygy bilen tapawutlanýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Aslynda, «Çalja» diýlip atlandyrylýan bu meýdança ýerasty ýodly-bromly suwlaryň baý gorlaryny özünde jemleýän künjek hökmünde tanalýar. «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan bökdençsiz işledilýän kärhananyň ýyllyk kuwwaty tehniki ýoduň 150 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Russiýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy önümçilikçileriniň kämil enjamlary oturdylan kärhanada taýýarlanýan tehniki ýoduň ähli möçberleri ýörite himiki serişde bilen arassalanylyp, dünýä hil ülňülerine laýyk getirilýär. Bilşimiz ýaly, ekologiýa taýdan juda arassalygy bilen tapawutlanýan türkmen ýody senagat pudaklarynda reňkli metal, sintetik kauçuk, dürli reňkler, laklar, kombinirlenen iýmler, däri-dermanlar, çakdanaşa arassa metallar taýýarlananda zerur bolup durýan himiýa önümidir.

Gürrüňi edilýän ýod zawodynda şu ýylyň birinji ýarymynda eýýäm 127 tonna barabar tehniki ýod öndürilipdir. Munuň özi bu ýerde şu ýylda jemi 150 tonna tehniki ýod öndürmek baradaky meýilnamanyň möhletinden has öň berjaý ediljekdiginden habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, «Çalja» meýdançasyndaky döwrebap zawodda taýýarlanylan bu gymmatly çig mal şu ýylyň alty aýynda tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen tehniki ýoduň ýaryndan hem köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň