«Senagat Plastik» önümçilikde 2-nji toplumyň işini ýola goýdy

10:2621.07.2020
0
962

Türkmenbaşy etrabyndaky «Senagat Plastik» hojalyk jemgyýeti polietilendir polipropilenden we tehnologik goşundylar goşulan serişdelerden ýokary hilli plastik enjamlaryny öndürýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu önümçiligiň ýurdumyzda ýeke-täkligi hem aýratyn bellärliklidir. Hojalyk jemgyýeti ýükler ýüklenilende we düşürilende üstünde haryt goýmaga niýetlenen şeýle enjamlaryň her ýylda ýarym milliona golaýyny öndürýär. Bu netije müşderileriň barha artýan isleglerini nazara almak bilen, bu ýerde 2-nji ulgam ýola goýlandan soňra gazanyldy. Hünärmenler häzirki wagtda gelip gowuşýan sargytlary öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda has hem gaýratly zähmet çekýärler.

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri şu günler Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynyň we Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmalaryny ýerine ýetirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň