Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-de gudrony kokslamak we asfaltsyzlandyrmak desgasy gurulýar

12:1120.07.2020
0
1160

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gudrony haýal kokslamak we asfaltsyzlandyrmak boýunça täze desgany gurnamak işleri amala aşyrylýar ― diýip, TDH habar berýär.

Munuň özi nebitiň we kondensatyň düýpli gaýtadan işlenilmegine, geljekde bolsa iňňeli koksuň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Bu zawodlar toplumynda benzin öndürýän desga, Gyýanlydaky ýokary dykyzlykdaky polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen öndürýän polimer zawody hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod bar. Bu desgalar Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem-de banklarynyň gatnaşmagynda guruldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň