“Real Madridiň” 91-nji kubogy we “Barselona” bilen deňleşdi

17:5417.07.2020
1
6073

“Real Madridiň” “La Ligada” 34-nji çempionlygyny gazanmagy bilen olaryň kubok sany 91-e ýetdi. Şeýlelikde, “Real Madrid” bu ugurda ezeli bäsdeşi “Barselona” bilen deňleşdi. “Real Madrid” topary şu wagta çenli “La Ligada” 34, Ispaniýanyň Şa Kubogynda 19, Ispaniýanyň Super Kubogynda 11 hem-de ozalky Ispaniýanyň Liga Kubogynda 1 gezek ýeňiji boldy. Mahlasy Ispaniýanyň çäginde “Real Madrid” 65 kubok gazandy. Halkara arenada bolsa, olaryň gazanan kuboklarynyň sany 26-a deňdir. Los Galaktikoslylar Çempionlar ligasynda 13, ozalky UEFA Kubogynda 2, UEFA Super Kubogynda 4, Yklymlararasy Kubogy ýaryşynda 3, Klublararasy Dünýä Kubogynda-da 4 gezek kubogy eýeledi.

“Real Madriň” ezeli bäsdeşi “Barselona” bolsa, La Liganyň çempionlygyny 26, Ispaniýanyň Şa Kubogyny 30, Ispaniýanyň Super Kubogyny 13, Liga Kubogyny 2 hem-de UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny 5, UEFA Super Kubogyny 5, Klublararasy Dünýä Kubogyny 3, şol sanda ozalky Ýarmarka Kubogyny 3, Kubokçylaryň Kubogyny bolsa 4 gezek alypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
arslan_xo ( 18.07.2020 )

Матч закончился со счётом 2:1 в пользу хозяев а 3-й гол забитый сливочными не засчитали.))

1