Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynyň hojalyklarynda aralyk ekin ekilýär

17:4616.07.2020
0
961

Akdepe etrabynda bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekmek işi barha gyzyşýar ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar.

Etrabyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginde 860 gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaý irki möhletde ýygnalyp alyndy. Daýhan birleşiginiň gallaçylary ýerden has netijeli peýdalanmagy, bugdaýyň yzyna aralyk ekinleri ekmegi maksat edinip, hasyldan boşan meýdanlary dessine ekişe taýýarladylar.

Daýhan birleşigi boýunça şu ýyl bugdaýdan boşan ýerleriň yzyna mäş, noýba, giçki käşir ekmek meýilleşdirildi. Häzirki günlerde hojalykda aralyk ekinleriň ekişi giň gerimde guramaçylykly alnyp barylýar.

Bugdaý hasyly ýygnalan ýerlerde aralyk ekinleri ekmek işleri etrabyň beýleki daýhan birleşiklerinde hem gyzgalaňly dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň