Köneürgenç we Baýramaly etrap kitaphanalarynyň arasynda onlaýn maslahat geçirildi

17:4316.07.2020
0
1526

Golaýda Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasy bilen Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynyň arasynda teleköpri arkaly onlaýn maslahat geçirildi ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

«Saglyk güýçdür, ylham joşdur ýüregiňe, Gahryman Arkadag bize görelde» ady bilen geçirilen bu maslahata kitaphanalaryň agzybir işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri, «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» Annatuwak Kakaýewa, etrap kitaphanasynyň işgärleri Selbinyýaz Kullaýewa we Gülsere Şazadaýewa dagy täsirli çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti we ondaky peýdaly maglumatlaryň halk köpçüligine yzygiderli wagyz edilmegi dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Peýdaly witaminlere baý gök, bakja we miwe önümleri hakynda görkezilen roliklerde sagdyn iýmitlenmegiň ynsan saglygyny goramagyň esasy şertidigi ündelýär. Şeýle hem ýurdumyzyň çägindäki şypahanalaryň adam saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti dogrusynda hem gürrüň edildi.

Kitaphanalaryň arasyndaky onlaýn maslahatyň täsirli çeper okaýyşlar bilen tamamlanmagy özboluşly mazmuna eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň