Soňky habarlar

Arhiw

«Erteki» her gün 2 tonna buzgaýmak öndürýär

17:0916.07.2020
0
3549

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erteki» hususy kärhanasy indi 18 ýyl bäri ilata hyzmat edýär. Häzir bu ýerde her günde 2 tonnadan gowrak buzgaýmak öndürilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Ertekide» öndürilýän «Kapriz», «Bagtyýarlyk», «Berkararlyk», «Telpejik», «Balam», «Towşan», «Arzuw», «Olimp», «Plombir» ýaly buzgaýmaklar çagalaryň aýratyn söýgisini gazanýar. Ýurdumyzda geçirilýän sergilerde bu kärhananyň önümlerine ýokary baha berlip, medallardyr birnäçe diplomlara eýe bolýar.

— Öndürýän önümlerimize islegleriň artmagy işimize uly itergi berýär. Nesip bolsa, önümimiziň ýokary hilini saklap, olaryň görnüşlerini has-da artdyrmagy maksat edinýäris — diýip, «Erteki» hususy kärhanasynyň direktory Aşot Pogosýan gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň