Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsady wagtynda balyk tutmak bilen meşgullandy

11:3516.07.2020
0
4275

Dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji iýulda ýurduň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Milli Lideriň belleýşi ýaly, dynç alyş döwri wagtyňy peýdaly geçirmek, saglygy berkitmek üçin iň amatly pursatdyr. Tebigata çykyp, onuň gözelliklerini synlamak, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmak ynsan saglygynyň berkidilmegine bolşy ýaly, onuň ruhunyň belent bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

 Häzirki döwürde kölde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Şolaryň bu howdanda bolmagy amatly ekologiýa ýagdaýyndan, onuň ekoulgamynyň durnuklylygyndan habar berýär.

Hormatly Prezident balyk tutýan pursatlarynda Diýarymyzda çap edilýän döwürleýin metbugat neşirleri bilen tanyşdy. Gazet sahypalarynda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklary barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir. Metbugat neşirlerinde çap edilen makalalaryň köpdürlüligi, olaryň ýerli ösümlik dünýäsi baradaky maglumatlary mazmun taýdan çuňňurlygy bilen täsir galdyrýar.

Döwlet Baştutany metbugat neşirleri bilen tanyşlygyň dowamynda «Türkmen dili» gazetinde çap edilen «Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde tebigat bilen baglanyşykly sözler» atly makala üns berdi. Onda tebigatyň özboluşly aýratynlyklary, duş gelýän sözleriň, nakyllaryň mazmuny barada giňişleýin düşündiriş berilýär. Gadymy sözlükde beýan edilişine görä, balyk bilen baglanyşykly «Balygyň suwda gözi açyk» diýen nakyl adamyň käbir gylyk-häsiýetleri bilen baglanyşykly manyny açyp görkezýär. Munuň özi türkmen diliniň gadymy döwürlerden bäri çuňňur many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw meselesi sebitde özgerişlikleri ösdürmegiň kesgitleýji şerti bolup durýar. MA-nyň döwletleriniň, olaryň ykdysadyýetleriniň, durmuş ulgamlarynyň ösüşi, adamlaryň durmuş derejesi suw gorlaryna elýeterlilikden başlap, olaryň netijeli dolandyrylmagyna gös-göni baglydyr.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli derejedäki forumlarda öňe süren netijeli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebitleýin merkezi açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini esaslandyrmak hakyndaky teklipler bar.

Milli Liderimiz balyk tutýan pursatynda çeňňege düşýän balyklaryň has ulularynyň hem bardygyna göz ýetirdi. Munuň özi kölde ýaşaýan balyklaryň sazlaşykly köpelmegi we ulalmagy üçin suwda zerur ähli mümkinçilikleriň bardygyny äşgär edýär. Ýaramly kölde ýaşaýan balyklaryň ulalmagy, olaryň agramynyň artmagy balyk awlamakda birnäçe çylşyrymly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, balyk tutulýan pursatlarda garaşylmadyk wakalar hem ýüze çykýar. Bu bolsa balyk tutmagyň özboluşly häsiýete eýediginiň subutnamasydyr. Milli Lideriň suwly gabyna düşýän balyklaryň sany yzygiderli artdy.

Döwlet Baştutany kölden tutan balyklaryny paýtagtdaky «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgat hökmünde iberdi. Milli Lideriň howandarlygynda «Döwletliler köşgünde» sazlaşykly ösmek hem-de ýaş türkmenistanlylaryň çuňňur bilim almagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň