Birinji liga ― 2020, Lebap zolagy: «Demirýolçy» bilen «Garagum» möwsümdäki ilkinji deňligini gazandylar

11:2316.07.2020
0
1061

Düýn Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap zolagynda 2-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygy geçirildi. Onda «Demirýolçy» «Garagumy» kabul etdi.

2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda ýer eýeleri ilkinji bolup hasaby açdylar. Ýaryşyň başga bir güýçli topary «Derýaçy» bilen öňdebaryjylyk bäsdeşligine giren «Demirýolçynyň» ilkinji pökgüsini 15-nji minutda Artur Babanyýazow geçirdi. Hatda birinji ýarym «Demirýolçynyň» şu üstünligi bilen tamamlandy.

«Garagum» hasaby 49-njy minutda Adylbek Röwşenowyň dürs geçiren 11 metrlik jerime urgusynyň netijesinde deňledi. «Demirýolçy» 65-nji minutda Döwlet Azimowyň geçiren pökgüsi bilen duşuşykda ikinji gezek öňe saýlanan hem bolsa, emin 70-nji minutda toparyň derwezesine ýene bir 11 metrlik urgyny belledi. Adylbek Röwşenow bu urgyny hem dürs ýerine ýetirip toparyna deňlik getirdi. Soňky 20-25 minut çemesi wagtyň içinde geçirilen beýleki hüjümler bolsa hiç topara-da netije bermedi. Duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Bu duşuşykdan soňra utugyny 13-e çykaran «Demirýolçy» ýene-de ikinji orna çykdy. Möwsümde 10 utuklyk sepgide ýeten dördünji topar bolan «Garagum» hem ýaryşyň dördünji basgançagyna çykdy. Bu orunda ozal 9 utukly «Miras» bardy. Bu duşuşygyň netijesiniň toparlaryň ikisi üçin hem şu möwsümdäki ilkinji deňlik bolandygyny hem aýtmak gerek.

2-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygy:

«Demirýolçy» ― «Garagum» ― 2:2.

Gollar: Artur Babanyýazow 15, Döwlet Azymow 65 ― Adylbek Röwşenow 49, 70 (ikisi hem 11 metrlik jerime urgusyndan).

Ýaryş tertibi:

T/b

Toparlar

Oýun

Ýeňiş

Deňlik

Utulyş

Pökgi gatnaşygy

Utuk

1

«Derýaçy»

6

5

1

0

26-12

16

2

«Demirýolçy»

6

4

1

1

14-9

13

3

«Çärjew»

6

4

0

2

22-7

12

4

«Garagum»

6

3

1

2

17-18

10

5

«Miras»

6

3

0

3

19-19

9

6

«Amyderýa»

6

1

2

3

7-16

5

7

«Farap»

6

1

1

4

16-25

4

8

«Köpetdag»

6

0

0

6

10-25

0

7-nji tapgyryň duşuşyklary:

18-nji iýul: «Farap» ― «Garagum»

18-nji iýul: «Demirýolçy» ― «Çärjew»

19-njy iýul: «Derýaçy» ― «Köpetdag»

19-njy iýul: «Amyderýa» ― «Miras».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň