Elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji krossower

20:4915.07.2020
0
950

Germaniýanyň BMW kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji krossower modeli bolan “iX3”-i köpçülige görkezdi. Daşky görnüşi adaty ýangyçly X3-den o diýen tapawutly bolmadyk ulag bir gezekki zarýady bilen 460 kilometr ýol geçýär. Ulagyň batareýasy 34 minutda 80 göterime çenli zarýad alýar. Täze krossoweriň kuwwaty 286 at güýjüne barabar bolup 0-100 km tizlige 6,8 sekuntda ýetýär. Ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 180 kilometr. Häzirki nusgasynda ulagyň yzky tigirleri aýlanýan bolsa, geljekde onuň dördüsi birbada aýlanýan nusgalarynyň peýda boljakdygy mälim edildi. Şeýlelikde ulag dürli ýol şertlerinde sürmäge amatly bolar. Ulagyň içi hem-de daşy adaty ýangyçly ulaglaryňka meňzeş ses ulgamy bilen üpjün edilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň